«Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda

I. 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 74-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № l, 49-njy madda; 2015 ý., № 1, 45-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda) 15-nji maddasynyň ikinji bölegine şu mazmunly bendi goşmaly:
«19) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna daşary ýurt pulunda satylmagy üçin çykarylan ýerli önümleri (çig mallary) hususy taraplaryň-dahyllylaryň harytlary, işleri we hyzmatlary ýerlemekden gazanan daşary ýurt pulundaky serişdeleriniň hasabyna satyn almagy bilen baglanyşykly amallar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 14-nji marty.
№239-VI.

02.04.2020

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk ýerini satyn almagyň T E R T I B I

Şu Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk ýerini satyn almagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Haryt-çig mal biržalary we birza söwdasy hakynda” Türkmenistanyň kanuny, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky 14074 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (mundan beýläk - Birža) hakyndaky Düzgünnama, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 12-nji awgustynda 897 san bilen döwlet tarapyndan bellige alnan, Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 01/05-16 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda birža söwdasynyň kadalaryna (mundan beýläk - Birža söwdasynyň kadalary) esasynda işlenip düzüldi we Biržada dellallyk ýerini satyn almagyň tertibini düzgünleşdirýär.

  1. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň fiziki hem-de eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki ýuridiki şahslary birža söwdasyna satyjy ýa-da satyn alyjy bolup gatnaşmak üçin şu Tertibe laýyklykda dellallyk ýerini satyn alýarlar.
  2. Dellallyk ýerini satyn almak üçin Biržanyň başlygynyň adyna arza berilýär we arzanyň ýanyna aşakda görkezilen resminamalar goşulýar:
    • - ýuridiki şahsyň we ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahsy- hususy telekeçiniň (mundan beýläk-hususy telekeçi) esaslandyryjy resminamalary, şol sanda olaryň ygtyýarly edilen wekiliniň degişli resminamalary (tertipnama, düzgünnama, ynanç haty, patent we ş.m.);
    • - dellalyň pasportynyň nusgasy;
      Birža zerur bolan halatda arza berijiniň işi baradaky beýleki resminamalary hem talap edip biler.
  3. Dellallyk ýerini satyn almak üçin berlen arza we oňa goşulan resminamalar Biržanyň diwanhanasynda bellige alnandan soň Biržanyň başlygynyň tabşyrmagy boýunça Biržanyň Özara hasaplaşyklar, Birža söwdasyny guraýjy, Maliýe gözegçiligi bölümlerinde we Hukuk we işgärler müdürliginde 3 (üç) iş gününiň dowamynda seredilýär. Dellallyk ýerini satyn almaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýasynyň Biržanyň başlygynyň adyna beren arzasynyň we oňa goşulan resminamalaryň nusgasy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligine, şol daşary ýurt kompaniýasynyň maliýe ygtybarlylygy barada maglumat almak üçin iberilýär. Dellallyk ýerini satmak barada oňyn netije çykarylan halatynda, Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölümi tarapyndan onuň 1 (bir) ýyllyk tölegini tölemek barada bellenen nyrh boýunça hasap-faktura ýazylýar. Dellallyk ýerini ulanmagyň möhleti hasap-fakturasynyň esasynda töleg geçirilen pursatyndan başlanýar.
  4. Dellallyk ýeriniň bahasy tölenenden soň bellenilen nusgada aşakdaky resminamalar alynýar:
    • - Ýuridik şahs, hususy telekeçi, beýleki fiziki şahs barada maglumatlar;
    • - borçnama;
    • - ynanç haty.
      Resminamalar doly tabşyrylandan soň birža gatnaşyja dellallyk ýeriniň belgisi görkezilen, 1 (bir) ýyl möhlet bilen Biržada söwda amallaryny geçirmäge hukuk berýän ýörite elektron kody berilýär we bu barada ýörite kitaba bellik edilýär.
  5. Dellallyk ýerini ulanmagyň möhletini uzaltmak üçin Biržanyň başlygynyň adyna arza berilýär. Berlen arzalara şu Tertibiň 3-nji we 4-nji bölümlerinde bellenen tertipde seredilýär we dellallyk ýerini ulanmagyň her ýyllyk bahasy töledilýär.
  6. Dellalyň hukuklary:
    • - Biržada söwda amallaryny geçirmäge;
    • - Biržanyň ähli hyzmatlaryndan peýdalanmaga;
    • - özüne degişli resminamalar boýunça maglumatlary sorap almaga.
  7. Dellalyň borçlary:
    • - Türkmenistanyň kanunlaryny, Birža söwdasynyň kadalaryny we Biržanyň başlygynyň söwda amallarynyň geçirilişini düzgünleşdirýän görkezmelerini berjaý etmäge;
    • - dellallyk ýeri üçin Birža tarapyndan kesgitlenen her ýyllyk tölegi we degişli ýygymlary wagtynda tölemäge;
    • - Biržanyň işi hakyndaky aýan edilmesiz täjirçilik maglumatlaryny ýaýratmazlyga.
    • - Бережно относиться к электронным картам, дающим право на участие в биржевой торговли, и компенсировать при ее утере и поломке.
  8. Dellalyň şu Tertipde bellenen hukuklaryny we borçlaryny dellallyk ýerini satyn alan ýuridiki şahsyň ýolbaşçylarynyň, hususy telekeçileriň, beýleki fiziki şahslaryň gönüden-göni özleri ýa-da ygtyýarly edilen wekilleriniň üsti bilen amala aşyryp bilerler. Soňky ýagdaýda ygtyýarly edilen wekil Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resmileşdirilen ynanç hatyny getirýär. Getirilen ynanç haty Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna salynýar. Ygtyýarly edilen wekiller çalşylan halatynda bu barada Biržanyň ýolbaşçysyna hat üsti bilen habar berilmelidir.
  9. Fiziki şahsyň diňe bir dellallyk ýerine wekilçilik etmäge ygtyýar berilýär.
  10. Dellalyň işini bes etmek üçin esaslar:
    • - dellallyk ýerini ýapmak barada arza;
    • - ýyllyk töleginiň bellenen möhletde tölenmezligi;
    • - ýyllyk tölegini tölemekden ýüz dönderilmegi;
    • - Birža söwdasynyň kadalarynyň bozulmagy.
  11. Dellallyk ýerini satyn almadyk şahslar birža söwdalarynda harytlary satyn almak - satmak amallaryny Biržanyň dellallary bilen dellalçylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak barada şertnama baglaşmak arkaly amala aşyryp bilerler.

28.09.2019

Birinji Hazar ýaka Ykdysady Forum

Основа проведения Каспийских саммитов была заложена в Туркменистане - в апреле 2002 года в Ашхабаде состоялся Первый Каспийский саммит, на котором обсудили необходимость принятия документа о правовом статусе Каспийского моря. В 2007 году в Тегеране была подписана Декларация Азербайджанской Республики, Республики Казахстан, Российской Федерации и Туркменистана. На Астраханском саммите Президентом Туркменистана были озвучены предложения о подготовке двух новых соглашений - в области транспорта и торгово-экономического сотрудничества на Каспии, а также о создании Каспийского Экономического форума. Подписание Президентами пяти прикаспийских государств Конвенции о правовом статусе Каспийского моря на Пятом Каспийском саммите 12 августа 2018 года в г. Актау, Республика Казахстан стало историческим событием. Проведение первого Каспийского экономического форума запланировано на 11-12 августа 2019 года в Национальной туристической зоне «Аваза». В городе Туркменбаши, в Туркменбашинском международном морском порту, в рамках форума запланировано проведение выставка инновационных технологий, биржевые торги, на который съезжаются крупные международные компании для осуществление сделок по множеству товаров и сырья текстильной, нефтехимической, легкой промышленности и других отраслях. Совместно с Государственной товарно-сырьевой биржей Туркменистана, Торгово- промышленной палатой Туркменистана и МИДом Туркменистана приглашаются делегации заинтересованных государств, близких к Каспийскому региону и руководители, представители международных экономических, финансовых, транспортных, экологических и других организаций. В рамках Форума предусматривается обсуждение вопросов развития торгово-экономического, транспортного сотрудничества, создания условий для крупных проектов, дискуссии о роли экономики Каспийского региона в глобальном контексте, инвестиционной привлекательности в различных отраслях экономик прикаспийских государств.

28.09.2019
Walýuta hasaplaýjy
RUB
TMT
USD
EUR
RUB

1 RUB = 0,055 TMT

RUB
TMT
USD
EUR
TMT

1 TMT = 18,18 RUB