Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hakynda
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky Buýrugy bilen döredildi, ol döwlet tarapyndan eksport-import amallaryny düzgünleşdirmek boýunça baş edaranyň wezipesini ýerine ýetirýän, ýurduň iň bir wajyp ykdysady edarasydyr. Biržanyň işiniň ýola goýlan mehanizmi oňa halkara ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmaga mümkinçilik berýär.
download Faýly ýükleme
Iş çygry
Beýleki biržalardan tapawutlylykda Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň iş çygry diýseň giňdir. Ol aslynda uniwersal birža bolup, söwdalar arkaly dürli haryt-maddy gymmatlyklary ýerleýär, muňa intellektual eýeçiliginiň obýektleri, sungat eserleri we gozgalmaýan emläkler degişli däldir.
Wezipesi we maksady
Birža gatnaşyjylary - daşary ýurtly işewür adamlar üçin hem, Türkmenistanyň telekeçileri üçin hem deň şertleri üpjün etmek, haryt dolanyşygyny artdyrmak we tizleşdirmek, içerki bazary halkyň sarp edýän zerur harytlary, önümçilik-tehniki maksatly önümler we ýurduň halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak üçin niýetlenen enjamlar bilen doldurmak.
Ýokary hünär derejeli hünärmenler
Biržanyň hünärmenleri önümleri ýurda girizmegiň we ýurtdan çykarmagyň maksada laýyklygyna baha berýärler, dürli ýagdaýlaryň harytlaryň we önümleriň importyna we eksportyna täsirine seljermeleri geçirýärler.
“Haryt-çig mal biržalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda birža söwdalaryna ähli eýeçilik görnüşindäki kärhanalar we guramalar, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň raýatlary dellallyk ornuny satyn almak arkaly ýa-da biržanyň brokerleri bilen hyzmat etmek barada şertnamany baglaşmak arkaly gatnaşyp bilerler.
Elektron resminamalaryň dolanşygy
Biržada awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygy hereket edýär, ol şertnamalaryň we resminamalaryň biržanyň maglumatlar binýadyna girizilen pursatyndan başlap, hasaba alynýan we müşderä berilýän wagtyna çenli ýoluna derhal gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär. Türkmen harytlarynyň dünýä bazarynda pugta orunlary eýelemegi üçin wagt talap edildi, şeýle hem ýurduň baş bazar institutynyň ähli iş görnüşleriniň we usullarynyň kämilleşdirilmegi talap edildi, munuň özi häzirki zaman şertlerinde ähli geçirilýän işleri awtomatlaşdyrmazdan mümkin däldir.
Önümleriň eksporty
Häzirki wagtda birža söwdalarynda ýurdumyzda öndürilen önümler ýerlenýär, olar dünýäniň 40-dan gowrak ýurtlaryna, şol sanda Türkiýe, Hytaý, Russiýa, BAE, Germaniýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Ukraina, Şweýsariýa ýaly ýurtlara eksport edilýär. Eksportyň esasy maddalaryna nebit önümleri, pagta süýümi, ýurdumyzyň dokma senagatynyň, himiýa senagatynyň önümleri we ş.m.-ler degişlidir.
Walýuta hasaplaýjy
RUB
TMT
USD
EUR
RUB

1 RUB = 0,055 TMT

RUB
TMT
USD
EUR
TMT

1 TMT = 18,18 RUB