Birža söwdasynyň düzgünleri.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda birža söwdasynyň düzgünleri «Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlandy.
Birža söwdalary şu aşakdaky ýörelgeleriň esasynda guralýar:
1 Birža söwdalaryny geçirmegiň aç-açanlyk we jemgyýetçilik häsiýete eýe bolmagy
2 Birža söwdalarynda nyrhlaryň emele gelmeginiň erkinligi
3 Birža geleşiklerini baglaşmagyň meýletinligi
4 Birža söwdalaryna gatnaşyjylar üçin birža söwdalaryna gatnaşmagyň deň şertleriniň bolmagy
Birža söwdalaryna nähili gatnaşyp başlamaly?
Birža söwdasyna satyjy ýa-da alyjy hökmünde gatnaşmak üçin Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň eýeçiligiň ähli görnüşindäki fiziki we ýuridik şahslary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dellallyk ornuny satyn alýarlar. Dellallyk ornuny satyn almadyk adamlar, Biržanyň dellallary bilen dellallyk hyzmatlarynyň berilmegi barada şertnamany baglaşmak arkaly birža söwdalarynda harytlary satyn almak we satmak amallaryny ýerine ýetirip bilerler.
Dellallyk ýerini resmileşdirmegiň tertibi
Türkmenistanyň dahylsyzlary üçin:
1 Maliýe Gözegçiligi bölüminde hasaba alyşdan geçmeli
2 Gerekli resminamalaryň sanawyny:
3 TDHÇMB-niň “Özara hasaplaşyklar” bölüminden hasaplary alyp, tölemeli
Türkmenistanyň dahyllylary üçin:
1 Maliýe Gözegçiligi bölüminde hasaba alyşdan geçmeli
2 Gerekli resminamalaryň sanawyny:
3 TDHÇMB-niň “Özara hasaplaşyklar” bölüminden hasaplary alyp, tölemeli
Dellallyk işini bes etmek üçin esaslar

Dellallyk ýerini ýapmak hakynda arza

Dellallyk orny üçin ýyllyk tölegini bellenen möhletlerde tölemezligi

Dellallyk orny üçin ýyllyk tölegi tölemekden ýüz öwürmegi

Biržanyň Arbitraž toparynyň karary

Ýuridik şahsyň işiniň bes edilmegi ýa-da ýatyrylmagy

Ýükläp almak üçin resminamalar
Birža söwdasynyň düzgünleri
Dellallyk şertnamasy
Dellallyk ýerini resmileşdrimegiň tertibi
Bank maglumatlarynyň blanky
Başlygyň adyna ýüztutma haty
“Borçnama” blanky
Harytlaryň tehniki häsiýetnamalary
Tehniki häsiýetnamalary(Arhiw)
Walýuta hasaplaýjy
RUB
TMT
USD
EUR
RUB

1 RUB = 0,047 TMT

RUB
TMT
USD
EUR
TMT

1 TMT = 21,21 RUB

Biržanyň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen, resminama dolanşygyny elektron görnüşine geçirilýändigi sebäpli Birža tabşyrylýan şertnamalary deslapdan ylylaşmak üçin resminamalary WORD  görnüşinde aşakdaky görkezilen elektron salgylaryna ibermegiňizi haýyş edýäris:

  1. Maliýe gözegçilik bölümi boýunça - maliye_gozegcilik@exchange.gov.tm
  2. Hasaba alyş bölümi boýunça- hasaba_alys@exchange.gov.tm
  3. Baha seljeriş we bazary öwreniş bölümi boýunça -
    baha_seljeris@exchange.gov.tm

Şertnamalaryň taslamalary degişli bölümler tarapyndan seredilip, berilen bellikler Siziň elektron poçtaňyza yzyna gaýtarylar.


Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy öz işinde sanly ulgamy girizmek arkaly elektron resminama dolanşygyny, şol sanda şertnamalaryň bellige alynmagyny, elektron birža söwdalaryny geçirmegiň tehniki taýdan işläp taýýarlamak we işe girizmek barada açyk görnüşinde halkara bäsleşiginiň (milli manatda) möhletini 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli uzaldýar.

E-mail: info@exchange.gov.tm 

Tel: 44-60-20; 44-60-15, 44-60-09