Birža söwdasynyň düzgünleri
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda birža söwdasynyň düzgünleri «Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlandy.
Birža söwdalary şu aşakdaky ýörelgeleriň esasynda guralýar:
1 Birža söwdalaryny geçirmegiň aç-açanlyk we jemgyýetçilik häsiýete eýe bolmagy
2 Birža söwdalarynda nyrhlaryň emele gelmeginiň erkinligi
3 Birža geleşiklerini baglaşmagyň meýletinligi
4 Birža söwdalaryna gatnaşyjylar üçin birža söwdalaryna gatnaşmagyň deň şertleriniň bolmagy
Birža söwdalaryna nähili gatnaşyp başlamaly?
Birža söwdasyna satyjy ýa-da alyjy hökmünde gatnaşmak üçin Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň eýeçiligiň ähli görnüşindäki fiziki we ýuridik şahslary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dellallyk ornuny satyn alýarlar. Dellallyk ornuny satyn almadyk adamlar, Biržanyň dellallary bilen dellallyk hyzmatlarynyň berilmegi barada şertnamany baglaşmak arkaly birža söwdalarynda harytlary satyn almak we satmak amallaryny ýerine ýetirip bilerler.
Dellallyk ornuny resmileşdirmegiň tertibi
Türkmenistanyň dahylsyzlary üçin:
1 Maliýe Gözegçiligi bölüminde hasaba alyşdan geçmeli
2 Gerekli resminamalaryň sanawyny getirmek:
3 TDHÇMB-niň “Özara hasaplaşyklar” bölüminden hasaplary alyp, tölemeli
Türkmenistanyň dahyllylary üçin:
1 Maliýe Gözegçiligi bölüminde hasaba alyşdan geçmeli
2 Gerekli resminamalaryň sanawyny getirmek:
3 TDHÇMB-niň “Özara hasaplaşyklar” bölüminden hasaplary alyp, tölemeli
Dellallyk işini bes etmek üçin esaslar

Dellallyk ornuny ýapmak hakynda arza

Dellallyk orny üçin ýyllyk tölegini bellenen möhletlerde tölemezligi

Dellallyk orny üçin ýyllyk tölegi tölemekden ýüz öwürmegi

Biržanyň Arbitraž toparynyň karary

Ýuridik şahsyň işiniň bes edilmegi ýa-da ýatyrylmagy

Ýükläp almak üçin resminamalar
Birža söwdasynyň düzgünleri
Dellallyk şertnamasy
Dellallyk ornuny resmileşdrimegiň tertibi
Bank maglumatlarynyň blanky
Başlygyň adynda ýüztutma haty
“Borçnama” blanky
Harytlaryň tehniki häsiýetnamalary
Tehniki häsiýetnamalary(Arhiw)
Walýuta hasaplaýjy
RUB
TMT
USD
EUR
RUB

1 RUB = 0,055 TMT

RUB
TMT
USD
EUR
TMT

1 TMT = 18,18 RUB