Maliýe gözegçiligi
Düzgünler maksatlary we wezipeleri, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen içerki gözegçiligiň talaplaryny hem-de olary amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär
download Faýly ýükleme
Içerki gözegçilik ulgamy
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegi guramak maksady bilen Birža tarapyndan şu Düzgünleriň berjaý edilmegine jogapkär işgär bellenýär.
Töwekgelçilik derejesini kesgitlemek
Toparyň işgäri müşderiniň iş görnüşlerini we amallaryny hasaba almak bilen müşderiniň talaba laýyk barlanmagynyň netijesinde alnan maglumatlaryň esasynda müşderiniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy ýa-da terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi boýunça amallary amala aşyrmagyna degişli töwekgelçilik derejesini berýär hem-de ony ABS-e girizýär.
Elektron resminama dolanyşygy
Biržada awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygy hereket edýär, ol şertnamalaryň we resminamalaryň biržanyň maglumatlar binýadyna girizilen pursatyndan başlap, hasaba alynýan we müşderä berilýän wagtyna çenli ýoluna derhal gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär. Türkmen harytlarynyň dünýä bazarynda pugta orunlary eýelemegi üçin wagt talap edildi, şeýle hem ýurduň baş bazar institutynyň ähli iş görnüşleriniň we usullarynyň kämilleşdirilmegi talap edildi, munuň özi häzirki zaman şertlerinde ähli geçirilýän işleri awtomatlaşdyrmazdan mümkin däldir.
Ýükläp almak üçin resminamalar
Girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereket etmek boýunça içerki gözegçilik
Bölümde hasaba alynmak üçin zerur resminamalaryň sanawy
Telekeçi üçin sowalnama
Telekeçi üçin
hatyň nusgasy
Ýuridiki şahs
üçin sowalnama
Ýuridiki şahs üçin
hatyň nusgasy
Walýuta hasaplaýjy
RUB
TMT
USD
EUR
RUB

1 RUB = 0,047 TMT

RUB
TMT
USD
EUR
TMT

1 TMT = 21,21 RUB